Britaniýaly türgen ýetimlere we ýetimler öýlerine pul ýygnamak üçin Tailandyň içi bilen 2100 km aralygy ylgap geçdi

  • 02.03.2024 23:59
  • 22k+

Britaniýaly Kris Rassel Tailandyň demirgazygyndan günortasyna 2100 km aralygy ylgap geçip, Run Thailand 2100 KM atly 50 günlük haýyr-sahawat işini tamamlady. Ol 10-njy ýanwarda Çiangraý welaýatyndan ylgap başlady we ony 1-nji martda Ýala welaýatynyň Betong şäherinde tamamlandy diýip, The Thaiger habar berýär.

Rassel Tailanddaky ýetimler öýleri we mekdepleri üçin 5000 funt sterling ýygnamak maksady bilen ylgaw gurady. Ol, takmynan, 5,5 müň funt sterling jemlemegi başardy. Toplanan serişdäniň paýlanylyşy barada entek takyk maglumat berilmedi.
Facebook-da Rassel Tailandyň tebigat görnüşleriniň gymmatly tejribesini we gözelligini belläp, ýaryşdan alan täsirlerini paýlaşdy. Ylgaw tamamlanandan soň ol Malaýziýa syýahat edip, Bangkoga gaýdyp geldi.


25.08.2025 12:20
4.1k+

13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi

Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar...

16.08.2025 19:04
3.8k+

Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi...

13.07.2025 11:51
3.7k+

Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy

Julian Keş we Lloýd Glasspul iki türgenden ybarat toparlaryň arasynda geçirilen “Uimbldonyň” çempionlary bolup, bu kategoriýada Beýik Britaniýa 1936-njy ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi. Finalda olar awstraliýaly Rinki Hidzikata bilen gollandly Dawid Peli utdy – 6:2, 7:6 (7:3)...

07.07.2025 11:22
1.8k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy...