Rolls-Royce iň gymmat awtoulagy - 30 million dollarlyk Arcadia Droptail awtoulagyny çykardy

  • 02.03.2024 23:57
  • 19k+

Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde iň gymmat awtoulag diýlip atlandyrylýan täze Arcadia Droptail kabrioletini hödürledi. Hypebeast.com -yň habaryna görä, onuň bahasy 30 million dollar.

Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kabrioletiň salony gymmat deri we gülgüne agaç bilen bezeldi. Ony döretmek üçin Rolls-Royce -yň işgärleri sekiz müň sagatdan gowrak wagtyny sarp etdiler.
Rolls-Royce Arcadia Droptail -iň korpusy alýumin we aýna bölejiklerini öz içine alýan özboluşly ak emal bilen boýaldy. Bu kuzowyň güne ýalpyldamagyna mümkinçilik berýär.
Awtoulagy işläp düzmeklik iki ýyldan gowrak wagt aldy we dolandyryş paneliniň sagadyny ýygnamak bäş aý dowam etdi.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...