HP printer abuna ýazylyşygyny hödürledi. Aýda 7 dollara 20 sahypa çap edip bolýar

  • 03.03.2024 21:32
  • 5k+

HP amerikan kompaniýasy çap edilýän sahypalaryň sanyna görä tarifler bilen printer abuna ýazylyşygyny işe girizdi. Hyzmat üçin bahalar 6,99 dollardan başlaýar diýip, daily.afisha.ru habar berýär.

Abuna ýazylyşyk HP All-in diýlip atlandyrylýar we ol printeri saýlamagy, syýa gutarmazdan öň syýa eltip bermegi, dowamly hyzmaty, gije-gündiz tehniki goldawy we ş.m. öz içine alýar. Abuna bilim, hojalyk we täjirçilik maksatly ulanylyp bilner.
Abuna ýazylyşykda HP Envy, HP Envy Inspire we HP OfficeJet Pro printerlerini saýlap bolýar – olaryň her biri üçin çap edilýän sahypalaryň iň ýokary möçberi göz öňünde tutulandyr. Birinjisi üçin iň köp möçber 100 sahypa, ikinjisi we üçünjisi üçin – 300 we 700.
Tas 7 dollar bolan iň arzan tarif HP Envy printerini we 20 sahypany öz içine alýar, HP Envy Inspire-da şonça sahypa üçin 12,99 dollar tölemeli bolýar. 700 sahypalyk HP OfficeJet Pro bolsa 35,99 dollara düşýär. Eger bellenilen möçberden az sahypa çap edilse, galyndy indiki aýa geçiriler, ýöne nyrh meýilnamasyndan köp gerek bolsa, onda bir sahypa üçin 1 dollar tölemeli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, abunadan çykmak hem töleglidir. Ýagny, HP Envy üçin hyzmat, eger 30 günlük synamadan soň we ulanylyşa bir ýyl bolmanka ýüz öwürseň, 120 dollar, bir ýyldan – 60 dollar, iki ýyldan – mugt bolar. 


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....