Türkiýede okamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň resminamalary kabul edilip başlandy

  • 02.03.2024 18:00
  • 15k+

1-nji martda Türkiýede ýokary bilim almak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalaryny kabul edilip (TR-YÖS) başlandy.

Okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalary 18-nji marta çenli kabul ediler. Giriş synaglary bolsa (TR YÖS/1) 18-nji maýda geçiriler.
Bu okuw maksatnamasy Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlar üçin ýörite taýýarlanan taslamadyr. Okuwlara orta ýa-da ýörite orta bilimi bolan ýaşlar ýüz tutup bilýärler.
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi daşary ýurtly raýatlaryny okuw kabul etmegiň maksatnamasyna laýyklykda olary okuwa kabul etjek bolanlarynda ýokary okuw mekdeplerine "TR-YÖS" synaglarynyň netijelerinden ugur almagy okuwa kabul edilmegiň bir şerti hökmünde ulanmagy teklip edýär.
"TR-YÖS" synaglary iki bölümden:

  • esasy matematika (Basic Mathematics Test);
  • birnäçe başarnyklar boýunça (Aptitude test) testleri öz içine alýar.

Bu synaglaryň netijeleriniň her haýsy aýratynlykda bahalandyrylýar.
Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek üçin her bir hünär üçin kesgitlenen geçiş utuklarynyň toplanmagy möhümdir.


13.10.2025 16:13
13k+

Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen täze Ähtnamalara gol çekişdi

10-njy oktýabrda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkiýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyklary baglaşdy...

09.04.2025 13:22
3.6k+

Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary...

09.04.2025 11:21
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň...

26.02.2025 17:05
6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Ankarada türkiýeli kärdeşleri bilen duşuşdy

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk...