UFC geçen ýyl rekord mukdarda girdeji gazandy

  • 02.03.2024 14:07
  • 7.2k+

UFC bilen WWE promouşenlerini birleşdirýän TKO Group Holdings kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, kompaniýanyň geçen ýyl garyşyk başa-baş söweş işinden gazanan girdejisi 1,3 mlrd dollara barabar boldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 13% köpdür diýip, fighttime.ru belleýär.

UFC-niň rekord girdejisi geçirilen çäreleriň sanynyň we gurama bilen şertnama baglaşan hemaýatkärleriň sanynyň ep-esli artmagy bilen baglanyşyklydyr. Aýratynam, dördünji çärýekde liga 282,8 mln dollar gazandy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwründäki 271,7 mln dollardan ýokarydyr.
Girdejiniň 870,6 mln dollar möçberdäki köp bölegini ESPN bilen ýaýlym şertnamasy getirdi, hemaýatkärler bolsa UFC ýene 196 mln dollar tölediler. Gurama 2023-nji ýylda 43 ýaryş geçirip, olar üçin petek satmakdan 168 mln dollar gazandy.
Hünärmenleriň pikiriçe, 2025-nji ýylda UFC bilen ESPN-iň arasyndaky şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň, liga öz kontentini ýaýlyma bermek hukugyny satmakdan gelýän girdejiniň iki esse artmagyna garaşyp biler.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....