Türkmenistanda dürli ugurlarda «Ýylyň zenany - 2024» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 01.03.2024 22:50
  • 19k+

 “Gülzemin” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda, zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet derejesine saýlanan zenanlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetde alyp barýan işlerine degişlilikde, 7 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi. Netijede:

  • «Ýylyň zenany» atly bäsleşikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatyndan Şemşat Kerimowa «Ýylyň işewür zenany»,
  • «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherinden Jennet Agaýewa «Ýylyň çeper elli zenany»,
  • «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatyndan Jennetgül Garajaýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»,
  • «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäherinden Enar Agaýewa «Ýylyň mährem zenany»,
  • «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatyndan Maýagözel Amanýazowa «Ýylyň watançy zenany»,
  • «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatyndan Bajy Ojarowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»,
  • «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatyndan Gülnar Muhammetgeldiýewa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
  • «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar Hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

​​​​​​​


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......