Gazagystan resmi taýdan bir umumy sagat guşaklygyna geçdi

  • 01.03.2024 14:02
  • 11k+

Gazagystanyň ähli ýerinde anna gününe, 1-nji marta geçilen gije resmi taýdan bir umumy wagt UTC+5 kesgitlendi. Ýurduň hökümetiniň kararyna laýyklykda, sagat dilleri Astana, Almaty we Şymkent şäherlerinde, şeýle-de Akmola, Almaty, Žambyl, Karaganda ýaly birnäçe sebitlerde bir sagat yza süýşürildi diýip, dw.com habar berýär.

Öň Gazagystanda iki sagat guşaklygy – UTC+5 we UTC+6 hereket edýärdi we respublikanyň köp bölegi, esasan, UTC+6 zolagyndady. Şeýlelikde, bu üýtgetmeden soň Gazagystan Ýewropa bir sagat ýakynlaşdy, ýöne şol bir wagtyň özünde Hytaýdan bir sagat uzaklaşdy, bu ýerde bir umumy wagt 1949-njy ýyldan bäri hereket edýär.
Gazagystanyň bir umumy sagat guşaklygyna geçmek başlangyjyny heniz 2020-nji ýylda Almatyda ýerleşýän Wasiliý Fesenkow adyndaky Astrofizika instituty öňe sürdi. Astrofizikler öz teklibini ýurduň köp böleginiň öz tebigy wagtyna görä ýaşamaýandygy bilen delillendirdiler.
Hökümet UTC+5-e geçişi “has dogry we amatly wariant” hasaplaýar. Şeýle ýagdaýda Gazagystanyň sebitleriniň aglabasy tebigy wagta ýakyn wagty ulanarlar.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......