Astronawtlar näme iýýär? Aýa krewetka, losos, klýon şerbeti we köke iberiler

  • 29.02.2024 18:39
  • 11k+

Kanadanyň kosmos gullugy (CSA) 53 ýyldan soňky adamyň Aýdaky ilkinji missiýasynyň çäklerinde «Artemida-2» kosmos gämisine iberiljek azyk önümlerini mälim etdi. Bu missiýa 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda başlar.

CSA kosmos üçin azyk önümlerini saýlanda, diňe bir kosmonawtlaryň tagam isleglerini däl, eýsem, ýaramlylyk möhleti, gurluşy, gaplanylyşy, bişirilişi we sarp edilişiniň aňsatlygy ýaly faktorlary hem göz öňünde tutdy. Adatça, astronawtlar günde üç gezek iýmitlenýärler, şunda olaryň  jynsyna, agramyna we aýratyn zerurlyklaryna baglylykda, gündelik sarp edýän kaloriýasynyň mukdary 1900-den 3200-e çenli bolýar.
Ähli faktorlar göz öňünde tutulyp, aşakdaky önümler saýlandy: klýon şerbeti we köke, kakadylan losos balygy, tüwi bilen krewetkalardan taýýarlanan karri, ýertudanaly we lawandaly patrak.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......