Şwesiýanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtly tälimçini wezipä belledi

  • 29.02.2024 18:20
  • 4.8k+

Şwesiýanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek toparyň baş tälimçisi wezipesine daşary ýurtly hünärmeni belledi, ol daniýaly Ýon Dal Tomasson boldy.

Milli ýygyndynyň metbugat gullugy Tomassonyň: «Bu uly işe başlamaga, janköýerler, oýunçylar we elbetde, Şwesiýanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýen sözlerini getirýär.
Tomasson futbol karýerasynyň dowamynda «Herenwen», «Nýukasl Ýunaýted», «Feýenoord», «Milan», «Ştutgart» we «Wilýarreal» toparlarynda çykyş etdi. Ol eýýäm «Ekselsior» toparynda tälimçiniň kömekçisi wezipesinde işledi. 47 ýaşly hünärmen «Witesse» we Daniýanyň milli ýygyndysynda-da şol wezipäni eýeledi. Baş tälimçi hökmünde «Ekselsior», «Roda», «Malmýo» we «Blekbýorn Rowers» toparlaryna ýolbaşçylyk etdi.
Onuň ýolbaşçylygynda «Blekbýorn Rowers» şbu möwsümdäki ähli ýaryşlarda 35 oýun oýnap, olaryň 15-sinde ýeňiş gazandy, üç gezek deňme-deň oýnady we 17 gezek ýeňildi.


düýn 11:23
3.4k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler...

düýn 08:27
10k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler

«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy...

24.12.2025 13:21
6.5k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

24.12.2025 10:25
4.6k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi...