ABŞ-da täjirçilik däl taslamalara gowşurylýan Independent Spirit Awards film baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 29.02.2024 07:32
  • 2k+

Santa-Monika şäherinde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) garaşsyz kino pudagynda gazanylan üstünliklere hormaty dabaralandyrýan Independent Spirit Awards baýragynyň 39-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Independent Spirit Awards baýragy, köplenç, uly býujeti ýa-da esasy studiýalar tarapyndan goldawy bolmadyk kiçi we täjirçilik däl taslamalara üns berýändigi üçin, “Oskar”-a garşy goýulýar. Film baýragynyň gowşurylyş dabarasy, adatça, Amerikan Kino akademiýasynyň baýraklarynyň gowşurylyşynyň öňüsyrasynda bolup, garaşsyz kino dünýäsinde iň möhüm wakalardan biridir.
Şu ýyl agşamyň esasy ýeňijisi Selin Sonuň iň gowy film we iň gowy režissýor baýraklaryny alan “Öňki durmuşlar” melodramasy boldy.

Beýleki baýrak alanlar:

  • Iň oňat ilkinji film: “Müňde bir” (A.W. Rokuell)
  • Iň oňat daşary ýurt filmi: “Aşak gaçyş anatomiýasy” (Žýustin Trie)
  • Iň oňat baş keşp: Jeffri Raýt ("Amerikan harsal çeper eseri")
  • Ikinji plandaky iň oňat keşp: Dawaýn Joý Rendolf (“Galdyrylanlar”)
  • Iň oňat ssenariý: Kord Jefferson ("Amerikan harsal çeper eseri")
  • Iň oňat ilkinji ssenariý: Sami Berç, Aleks Mehanik (“Meniň dekabrym”)
  • Iň oňat dokumental film: "Olfyň gyzlary"
  • Jon Kassawetis adyndaky baýrak (býujeti 500 müň dollara çenli bolan filmlere berilýär): "Frimont"
  • Robert Oltmen adyndaky baýrak (aktýorlar ansamblyna, režissýora we kasting-direktora gowşurylýar): "Peýda boluş"

Seriallar kategoriýasynda:

  • Iň gowy täze serial: "Gemrişme"
  • Täze serialdaky iň oňat baş keşp: Ali Wong (“Gemrişme”)
  • Täze serialda ikinji plandaky iň oňat keşp: Nik Offerman (“Biziň birimiz”)
  • Täze serialdaky iň şowly keşp: Keýwonn Wudard (Biziň birimiz)
  • Täze serialdaky iň gowy aktýorlar düzümi: "Oturdaş bolmak"
  • Iň oňat täze non-scripted ýa-da dokumental serial: "Eziz eje"

düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......