Beýik Britaniýada Jorj Maýkla bagyşlanan şaýy pul çykaryldy

  • 28.02.2024 09:47
  • 8.9k+

Beýik Britaniýanyň korollyk zikgehanasy merhum britan aýdymçy Jorj Maýkla bagyşlanan kolleksion şaýy pullaryny çykardy.

Şaýy puluň öň tarapynda Jorj Maýklyň meşhur Günden goraýan äýneklerini geýen portreti bar. Şaýy puluň arka tarapynda Beýik Britaniýanyň koroly Karl III-niň portreti şekillendirilipdir. Korollyk zikgehanasy altyn, kümüş we adaty şaýy pullary çykardy. Nominaly £5 bolan adaty şaýylyk mis-nikel ergininden ýasaldy. Onuň agramy 28,28 gr.

Altyn teňňe 999 probaly altyndan ýasalyp, dört görnüşinde satylýar:

  • nominaly £200, agramy – 62,42 gr, möçberi – 35 nusga;
  • nominaly £100, agramy – 31,21 g, möçberi – 160 nusga;
  • nominaly £25, agramy – 7,8 g, möçberi – 310 nusga;
  • nominaly 50 pens, agramy - 0,8 g, möçberi – 2034 nusga.

Kümüş teňňe 999 kümüşden ýasalyp, üç görnüşinde bar:

  • nominaly £10, agramy – 156,30 g, möçberi – 185 nusga;
  • nominaly £5, agramy – 62,86 gr, möçberi – 350 nusga;
  • nominaly £2, agramy – 31,21 g, möçberi – 3510 nusga.

Şaýy puluň dizaýny Jorj Maýklyň «Faith» aýdymynyň wideoklipiniň esasynda ýerine ýetirilipdir. Onuň dizaýny grawýuraçy Sandra Deýana tarapyndan taýýarlanyldy. 


14.03.2026 15:33
3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...