Dünýäde iň güýçli pasportlaryň reýtingi düzüldi

  • 27.02.2024 19:40
  • 30k+

Passport Index global reýtingine görä, şu ýyl iň güýçli pasport adyny BAE-niň pasporty aldy. Ol erkin hereket görkezijisi boýunça 179 bal gazandy. Bu barada Finprom.kz habar berýär.

Erkin hereket görkezijisi wizasyz baryp boljak, şeýle-de geleniňde wiza, eTA we elektron wiza (üç günüň içinde bermek bilen) alyp boljak ýurtlaryň sany boýunça kesgitlenýär.
Reýtinge BMG-niň agzalary bolan 193 ýurt, şeýle-de Watikan we öz pasportlary bolan sebitler (Taýwan, Makao, Gonkong, Kosowo we Palestina) gatnaşýar. Umuman alanyňda, sanawda 199 pasport bar.
2024-nji ýylda pasport güýji boýunça ikinji orny 177 erkin hereket görkezijisi bilen birbada bäş ýurt – Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar we Ispaniýa eýeleýär.
Üçünji orunda hem 176 görkezijisi bilen bäş ýurt – Şwesiýa, Finlýandiýa, Lýuksemburg, Awstriýa we Şweýsariýa ýerleşdi.
Pasport güýji boýunça soňky orunlary Siriýa (93-nji orun), Owganystan (92-nji orun) we Yrak (91-nji orun) eýeledi.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...