Gonkongly mekdep okuwçylary ýasan kindiwan roboty bilen Ginnesiň rekordlar kitabynyň ünsüni çekdiler

  • 27.02.2024 14:33
  • 8.5k+

Gonkongly mekdep okuwçylary iň kindiwanja gumanoid roboty döretmek arkaly täze dünýä rekordyny goýdular. Hi-Tech neşiriniň  habar bermegine görä, enjamyň boýy bary-ýogy 14,1 sm hem-de 3D-printerde çap edilen akril paneller we bölekler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Robot ellerini we aýaklaryny göterip hem-de epip, iki aýagynda ädim ätmäge ukyply. Ýaş inženerler enjamy özbaşdak tasladylar, kindiwanja servo hereketlendirijilerini we beýleki zerur bölek şaýlaryny satyn aldylar, korpusyny we el-aýaklaryny mekdep laboratoriýasynda çap etdiler.
Mikrobot 16 kanally sewo dolandyryş platasy, litiý-ion batareýasy we hereketlerine gözegçilik etmek üçin ykjam programma bilen enjamlaşdyrylandyr.
Gonkongly mekdep okuwçylarynyň gazanan üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabynyň hepdelik synynda bellendi.


14.02.2026 18:31
7.4k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...

09.01.2026 11:28
6.4k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.6k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...