Türkmen pälwany Abdulla Babaýew AMC Fight Nights 123-de garşydaşyny 1-nji raundda ýeňdi

  • 26.02.2024 13:18
  • 33k+

Türkmenistanly pälwan Abdulla Babaýew Täjigistandan Abdulaziz Ýuldaşewi ýeňip, AMC Fight Nights 123 ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi.

Babaýew birinji raundda demikdiriji emel ulanyp, garşydaşyny ýeňmegi başardy.
Belläp geçsek, tutluşyga bir gün galanda Abdulla Babaýewiň ilki garşydaşy russiýaly Artýom Atakulow şikes alanlygy sebäpli ýaryşdan çykmaly boldy. Atakulowyň ýerine Babaýew bilen tutluşyga Ýuldaşew çykdy.
Abdulla Babaýew - söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek Dünýä Kubogynyň eýesi, pankration boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempiony. Ol Gala Sport Management sport guramasynyň howandarlygynda çykyş edýär.



22.06.2026 17:52
4.4k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......