Mettýu MakKonahi we Amerika Ferrera çagalary ýangyn zolagyndan halas etmek baradaky dramada baş keşbi janlandyrarlar

  • 25.02.2024 23:59
  • 11k+

“Ýitirilen awtobus” atly täze dramada Mettýu MakKonahi we Amerika Ferrera çagalary tokaý ýangyny zolagyndan halas eden gahrymanlaryň keşbini ýerine ýetirer. Film Kaliforniýada 2018-nji ýylda ştatyň taryhynda iň heläkçilikli ýangyn dörände hakyky bolan wakalar barada gürrüň berer.

Edebi ýazgysy Lizzi Jonsonyň kitabyna esaslanýar.
Mekdep awtobusynyň sürüjisi Kewin Makkeý (MakKonahi) we zenan mugallym Meri Lýudwig (Ferrera) çagalary ot-ýalynyň içindäki Paradaýz şäherinden çykarmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Okuwçylaryny halas etmek üçin janyny orta goýup, ýalynly köçeleriň içinden geçýärler.
Film 2024-nji ýylyň ýazynda surata düşürilip başlanar. Filme “Bornyň ultimatumy” we “Kapitan Fillips” filmleri bilen tanalýan Pol Gringrass režissýorlyk eder. Taslamanyň prodýusserleri: Jeými Li Kertis, Jeýson Blýum, Bred Ingelsbi we başgalar. Film Apple Original Films tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.
“Ýitirilen awtobus” batyrlyk, yhlas hem-de umyt hakda güýçli we ylham beriji hekaýat bolar.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......