Mercedes-Benz täze kaşaň Mythos ulaglaryny döreder

  • 26.02.2024 00:22
  • 13k+

Germaniýanyň awtoulag ägirdi «Mercedes-Benz» «Maybach» modellerinden has eksklýuziw we gymmat boljak täze premium derejeli «Mythos» kysymly ulaglaryny çykarmaga taýýarlyk görýär diýip, motor1.com habar berýär.

«Mersedes-AMG SL» awtoulagynyň esasynda dörediljek täze kysymly ulaglaryň ilkinjisi 2025-nji ýylda çykar. Ol özboluşly dizaýny, kaşaň interýeri, kuwwatly hereketlendirijileri we ösen tehnologiýalary bilen tapawutlanar.
«Mythos» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi çäkli bolar we her bir nusgasynyň bahasy azyndan 300 müň dollar bolar. Ilkinji awtoulaglar müşderilere 2026-njy ýylda ýetiriler.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....