Apple galp smartfonlar bilen bagly uly göwrümli kezzaplygyň pidasy boldy. Kompaniýa 3 million dollar zyýana galdy

  • 24.02.2024 17:36
  • 12k+

Amerikanyň Merilend ştatynyň iki ýaşaýjysy iPhone bilen bagly 3 million dollara düşen kezzaplykda günäkärlenip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olar abatlatmak üçin kompaniýa müňlerçe galp smartfon ugradyp, ornuna hakyky smartfonlary alypdyrlar diýip, Gizmodo ýazýar.

Prokuraturanyň wekili: "Bu kompaniýa uly zyýan ýetiren çynlakaý jenaýat" – diýip belledi.

33 ýaşly Haotýan Sun we 33 ýaşyndaky Penfeý Sýue 2017-nji ýyldan bäri Gonkongda galp iPhone-lary satyn alypdyrlar. Iki ýylyň dowamynda, yzlaryny ýapmak üçin, galp seriýa belgilerini we lakamlaryny ulanyp, Apple-iň serwislerine 5000 töweregi galp telefon iberipdirler.
Kezzapçylykly hereketleriň netijesinde Apple, takmynan, 3 million dollar zyýan çekdi.
Kazyýet olary günäkär hasaplady. Bu adamlar 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....