Režissýor Greta Gerwig «Time» žurnaly tarapyndan «Ýylyň zenany» diýlip yglan edildi

  • 23.02.2024 18:41
  • 6.1k+

«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig «Time» žurnaly tarapyndan «Ýylyň zenany» diýlip yglan edildi. Bu barada neşiriň web sahypasynda beýan edilýär.

«Soňky bir ýylda Greta Gerwigiň «Barbi» filminden has täsirli örän az döredijilik üstünlikleri gazanyldy, bu filmde köpden bäri dowam edip gender jyns stereotiplerine garşy çykylýar we film 1,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan, şeýlelikde, Greta Gerwig ilkinji üç filmi «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilen ýeke-täk režissýor boldy» diýlip, ýylyň zenanlaryna bagyşlanan makalada aýdylýar.
Gerwig žurnalyň mart aýyndaky sanynda peýda bolar. Ondan başga-da, ýylyň zenanlarynyň sanawyna amerikaly ykdysatçy Klaudiýa Goldin, alym-lukman Marlena Feýzo, tennisçi Kori Gauff, yrakly adam hukuklaryny goraýjy Nadýa Murad we beýlekiler girdi. Olaryň hemmesi Zenanlaryň taryhynyň biraýlygy mynasybetli mart aýynyň başynda Los-Anjelesde geçiriljek «Time» žurnalynyň her ýylky gala-konsertine gatnaşarlar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....