Pixel 6 Pro smartfonlarynyň aşa gyzmagy sebäpli Google-a garşy kazyýet işi gozgaldy

  • 24.02.2024 16:50
  • 4.7k+

Kaliforniýanyň ýaşaýjysy Jennifer Haýatt Pixel 6 Pro smartfonlarynyň gyzmagyna sebäp bolýan kemçilikleriň bardygyny aýdyp, köpçüligiň adyndan  Google-a garşy kazyýete arza berdi diýip, Android Authority portaly habar berýär .

Haýattyň sözlerine görä, ol Pixel 6 Pro-ny birnäçe gezek çalşypdyr, ýöne ählisinde hem aşa gyzmak meselesi ýüze çykypdyr. Arza beriji satuw başlamazdan ozal Google-yň kemçilikden habarlydygyny, ýöne şonda-da bu barada müşderilere hiç hili duýduryş bermändigini nygtaýar.
Haýatt Google-dan müşderilere bu kemçilik barada habar bermegi, Pixel 6 Pro-ny yzyna almagy we müşderileriň pullaryny yzyna gaýtarmagyny talap edýär.
Arza Kaliforniýada berildi. Haýatt ştatdaky Pixel 6 Pro-nyň gyzmagyndan ejir çeken adamlaryň hemmesine wekilçilik etmek isleýär.
Google indi sarp edijileriň hukugyny goramak baradaky kanunlaryň düzgünlerini bozmakda, ygtybarsyz mahabat ýaýratmakda we Song-Bewerliniň kepillik kanunyny berjaý etmezlikde aýyplanýar.
Bu diňe kazyýet işiniň başlangyç tapgyry. Haýatt, arzasy bellige alynmazdan öňürti, birnäçe proseduralardan geçmeli bolar. Mundan başga-da, taraplar meseläni özara ylalaşyp hem çözüp bilerler.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......