Tesla iň gymmat awtoöndüriji adyny elinden gidirdi

  • 23.02.2024 16:14
  • 20k+

Tesla amerikan kompaniýasy öňdebaryjylygy Mercedes-Benz kompaniýasyna geçirip, iň gymmat awtoöndüriji adyny ýitirdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Brand Finance halkara analitik agentliginiň hasabatyndan gelip çykýar.

Tesla-nyň bahasynyň peselmegi elektromobil öndürijisiniň abraýyna we onuň brendiniň bahasyna täsir eden Ilon Mask bilen baglanyşykly dawalaryň esasynda bolup geçdi. Amerikan kompaniýasynyň bahasy 12%, 58,3 mlrd dollara çenli azaldy we bu hem Mercedes-Benz-e öňe çykmaga mümkinçilik berdi. Nemes markasynyň bahasy 1%, 59,4 mlrd dollara çenli artdy.
Reýtingde üçünji orny 52,7 mlrd dollar baha bilen Toyota saklady.
Şeýle-de, Brand Finance konsalting kompaniýasynyň analitikleri dünýäde iň güýçli awtomobil brendini kesgitlediler. Ol Italiýanyň Ferrari markasy boldy. Iň gymmatly Hytaý awtoöndürijisi diýlip BYD yglan edildi. Onuň bahasy 20%, 12,1 mlrd dollara çenli ýokarlandy.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......