"Kinonyň häzirki şasy." Skorseze Berlin film festiwalynyň hormatly baýragyna mynasyp boldy

  • 22.02.2024 18:33
  • 3.7k+

20-nji fewralda amerikaly režissýor Martin Skorseze kinematografiýa goşan goşandy üçin Berlin film festiwalynyň hormatly baýragy gowşuryldy. Dabara Berlinale Palast festiwalynda geçirildi diýip, Kinometro.ru habar berýär.

“Henizem özümi kino düşüresim gelip duran ýaly duýýaryn. Ýene bir filmi surata düşürip, birnäçe ýyldan soň siziň bilen gaýtadan görşeris diýip umyt edýärin " – diýip, Skorseze sahnada durka mälim etdi.

Režissýora bu baýragy nemes kärdeşi Wim Wenders gowşurdy, ol Skorsezi “kinonyň häzirki şasy” diýip atlandyrdy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy Leonardo di Kaprionyň, Mett Deýmonyň we Jek Nikolsonyň baş keşbi janlandyran “The Departed” jenaýat dramasynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Metriň bu işi 2007-nji ýylda iň gowy film ugry boýunça “Oskar”-a mynasyp bolupdy.
Mundan başga-da, Berlinale-de iňlis kinematografiýasynyň klassikleri Maýkl Pauell bilen Emerik Pressburger hakynda gürrüň berýän “Angliýada öndürilen: Pauelliň we Pressburgeriň filmleri” atly dokumental filmiň ilkinji görkezilişi bolar. Köplenç, olara, döreden kinostudiýasynyň adyna görä, "Arçerler" diýilýär. Skorseze bu taslamanyň prodýuseri bolup çykyş edýär, şeýle-de ol kadryň aňyrsynda sesli teksti hem okady.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....