«The Beatles» toparynyň her agzasy barada aýratynlykda film surata düşüriler

  • 22.02.2024 18:44
  • 4.2k+

«The Beatles» britan rok toparynyň dört agzasynyň her biri barada biografik film surata düşüriler. Bu barada «Deadline» habar berýär.

Filmlere Sam Mendes («1917», «Amerikan gözelligi») režissýorlyk eder, «Sony Pictures» kompaniýasy bolsa distribusiýa işlerini ýerine ýetirer. Taslamanyň birinji bölümi 2027-nji ýylda çykar.
Neşiriň berýän habaryna görä, sazandalar Pol Makkartni we Ringo Starr, şeýle hem toparyň merhum agzalary Jon Lennonyň we Jorj Harrisonyň maşgalalary aýdym-sazlary filmlerde ulanmak hukugyny beripdirler, şeýle hem artistleriň hakyky durmuş hekaýalarynyň döredilmegine goşant goşupdyrlar. 

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....