399 dollardan altyn krossowkalar. Donald Tramp öz krossowka brendini döretdi

  • 21.02.2024 20:49
  • 23k+

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp Trump Sneakers ady bilen öz krossowka brendini işe girizdi. Ilkinji hatarda üç jübüt aýakgap hödürlendi. Bu barada “Forbese” salgylanyp, RBK habar berýär.

Aýakgap hatary Never Surrender (“Hiç haçan boýun synma”) adyny aldy. Krossowkalaryň bahasy 199 dollardan 399 dollar aralygynda üýtgeýär diýlip, brendiň saýtynda görkezilýär.
Altyn reňkli jübüt krossowkada T harpy we ABŞ-nyň baýdagy bar. Bellenilişi ýaly, her bir jübüt nomerlenen. Jemi bir müň jübüt krossowka çykarylar. Satuw 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlar. Şol bir wagtyň özünde, deslapky sargyt boýunça ähli krossowkalar eýýäm satyldy.
Altyn reňkliden başga-da, sargyt üçin şular elýeterli: POTUS 45 ýazgyly, T harply, altyn reňkde 45 belgili we ABŞ-nyň baýdagy bilen ak trikotaž krossowkalar hem-de T Red Wave ýazgyly, T harply, kümüş reňkde 45 belgili we ABŞ-nyň baýdagy bilen gyzyl trikotaž krossowkalar. Bu modelleriň açyk satuwy 2024-nji ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilýär.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......