Alymlar ilkinji gezek Gün energiýasyny orbita hemrasyndan Ýere geçirdiler

  • 21.02.2024 06:34
  • 4.3k+

Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň (Caltech) alymlary beýleki guramalardaky hyzmatdaşlary bilen kosmos energiýasy pudagynda üstünlik gazandylar. “Extremetech” portalynyň habaryna görä, olar ýörite enjamyň kömegi bilen energiýa toplap, orbita emeli hemrasyndan Ýere iberip bildiler.

Alymlaryň ulanan enjamyna Microwave Array for Power-transfer Low-orbit Experiment (MAPLE) diýilýär. Ol Gün energiýasyny radio ýygylygyna öwürýän Gün panellerinden we Ýere iberýän antenadan ybarat.

Orbitadaky Gün panelleri howa şertlerine ýa-da günüň wagtyna garamazdan, yzygiderli energiýa öndürip, olary ýerdäkilerden has täsirli edip biler. Şeýle-de bolsa, esasy mesele energiýany orbitadan Ýere nädip ygtybarly geçirmeli diýen meseledir.
Synag wagtynda MAPLE bir gezekde 175-251 mWt energiýa ýygnamagy başardy we Ýere onuň bary-ýogy 1 mWt-y gelip ýetdi. Munuň sebäbi atmosferada we kabul ediş stansiýasynda energiýanyň ýitirilýändigi bilen baglanyşykly. Alymlar tehnologiýany kämilleşdirmegi we Ýere 10 müň hojalyga ýeterlik  elektrik energiýasyny iberip biljek SPPD-1 ýaly hemralar toplumyny döretmegi meýilleşdirýärler.
Bu synag Ýerdäki adaty energiýa çeşmelerine alternatiwa bolup biljek kosmos energiýasy ideýasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimdir. Caltech-iň alymlary bu taslama kosmos senagatynyň ösmegine we planetanyň ekologiýa durnuklylygyna goşant goşar diýip umyt edýärler.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....