Ronaldu penaltileri hasaba almazdan, gollarynyň sany boýunça Messiden öňe geçdi

  • 20.02.2024 07:54
  • 12k+

«Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu penaltileri hasaba almazdan, 714-nji goluny derwezä girizdi diýip, «MessivsRonaldo.app» habar berýär.

Bu üstünlik Saud Arabystanynyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Al-Fateh» bilen geçirilen duşuşygyň 17-nji minudynda gazanyldy – 39 ýaşly hüjümçi oýnuň hasabyny açdy. Bu görkezijä görä, Ronaldu penaltileri hasaba almazdan, 713 pökgi geçiren «Inter Maýaminiň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messiden öňe geçdi.
Ronaldunyň professional karýerasynda jemi 1206 oýunda 875 gol saldy, Messiniň bolsa 1047 oýunda 821 pökgüsi bar.
Bu möwsümde Ronaldu ähli ýaryşlarda 27 oýna gatnaşyp, 25 pökgi geçirdi we 11 ýardam pasyny berdi.
Ronaldu «Altyn topuň» bäş gezek eýesidir. Karýerasynyň dowamynda ol Madridiň «Realynda» çykyş edip, klubuň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy, şeýle hem «Mançester Ýunaýted», Turiniň «Ýuwentus» we Lissabonyň «Sporting» klublarynda oýnady.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......