Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy

  • 17.02.2024 11:55
  • 7.5k+

Garward uniwersiteti Kollej we uniwersitet işewürligi boýunça müdirleriň milli assosiasiýasy (National Association of College and University Business Officers) we Commonfund Institute guramasy tarapyndan düzülen ABŞ-nyň iň baý ýokary okuw mekdepleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada TASS habar berýär.

Reýtingi hödürleýän “Forbes” žurnalynyň bellemegine görä, Garwardyň haýyr-yhsan gaznasynyň möçberi tas 49,5 mlrd dollar boldy. Ikinji orunda birneme tapawut bilen Tehas uniwersiteti ýerleşdi. Onuň gaznasynyň möçberi tas 45 mlrd dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, Garwardda Tehas uniwersitetine garanyňda, takmynan, 10 esse az talybyň okaýandygy bellenilýär.
Şeýle-de, iň baý ýokary okuw mekdepleriniň bäşligine Ýel ($40,7 mlrd), Stenford ($36,5 mlrd) we Prinston ($34,1 mlrd) uniwersitetleri girdi.
Bu reýting 1974-nji ýyldan bäri her ýyl düzülýär diýip, žurnal belleýär. Umuman alanyňda, reýtingde ABŞ-nyň 688 kolleji we uniwersiteti görkezilýär.


10.01.2026 19:10
3.5k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

02.01.2026 16:51
17k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

30.10.2025 10:24
3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

30.10.2025 09:57
2.1k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi...