Oskar baýragyna mynasyp bolan “Mugthorlar” filminiň režissýory Koreýa kinosy üçin rekord býujetli animasiýa filmini surata düşürer

  • 15.02.2024 23:26
  • 7.6k+

Oskar baýragynyň eýesi Pon Çžun Ho-nyň ilkinji animasiýa taslamasy Günorta Koreýanyň taryhynda iň gymmat film bolar. Ady entek aýan edilmedik multfilmiň býujeti, takmynan, 52 million dollar bolar diýip, Reel World habar berýär.

Sýužet adamlar bilen deňiz jandarlarynyň, şol sanda çuňlukda ýaşaýan   balyklaryň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanar.
Multfilmiň wizual dizaýny bilen “Mugthorlaryň” operatory Hon Gýon Phýo  meşgullanar.
Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, filmiň dünýäde paýlanyşyny Sony Pictures gurar. Çykaryljak senesi entek takyk aýdylmady.2024-nji ýylda multfilm çykmazdan ozal Robert Pattinsonyň keşpde oýnamagynda Pon Çžun Ho-nuň “Mikki 17” atly fantastiki filminiň ilkinji görkezilişine garaşylýar. Filmiň premýerasyny 29-njy martda görkezmek meýilleşdirilýär.
Günorta Koreýanyň kino režissýory we ssenariçisi Pon Çžun Ho iň gowy film (“Mugthorlar”) ugry boýunça Oskar baýragynyň eýesi. Ol drama, triller we gara komediýa žanrlaryndaky eserleri bilen tanalýar. Beýleki şowly işleriniň arasynda “Ganhorluk hakynda ýatlamalar”, “Ene” we “Gar içre” filmleri bar.


27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....