Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň medallarynda Eýfel diňiniň bölejikleri bolar

  • 11.02.2024 18:41
  • 9.6k+

2024-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk topary Parižde geçiriljek Oýunlarda türgenlere beriljek medallary tanyşdyrdy.

«Altyn, kümşi we bürünji Fransiýanyň iň gymmatly metaly – Eýfel diňiniň metaly bilen birleşdirmäge synanyşmak üçin köp tagalla edildi» diýip, 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy Toni Estange belledi.

Altyn medalyň agramynyň 529 gram, kümüş medalyň 525 gram, bürünç medalyň bolsa 455 gram boljakdygy habar berildi. Her baýragyň ortasynda Eýfel diňinden alnan 18 grama golaý demir bölegi ýerleşdiriler.
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli, Paralimpiýa oýunlarynyň bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....