ABŞ-da iň gymmat öý satuwa çykaryldy

  • 11.02.2024 17:47
  • 27k+

Florida ştatynyň Neýpls şäheriniň etegindäki üç jaýdan we 3,6 gektar ýer böleginden ybarat toplumyň eýeleri ony 295 mln dollara satuwa çykardylar. Eger ol bu bahadan satyn alynsa, ABŞ-da häzire çenli satylan iň gymmat öý bolar diýip, “The Wall street Journal” ýazýar. Muny kommersant.ru ýetirýär.

Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenleriň belleýşi ýaly, şeýle baha beýlekiler bilen bir hatarda onuň ajaýyp ýerde – Meksika aýlagynyň kenarynda ýerleşýändigi, jaýyň we ýer böleginiň ululygy hem-de gämiler üçin hususy aýlagyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, ahyrynda jaýyň birneme arzan bahadan satyn alynmagy mümkin. Soňky ýyllarda azyndan iki öý – Los-Anjeles sebitindäki Casa Encantada willasy we Nýu-Ýorkyň “milliarderleriň köçesi” diýlip atlandyrylýan elita sebitindäki penthaus 250 mln dollara satuwa çykaryldy. Häzir olaryň bahasy 195 mln dollara çenli pese düşdi. Häzirki wagtda rekord şertnama 2019-njy ýylda 240 mln dollara satylan “milliarderleriň köçesindäki” penthausdyr.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......