Gucci brendiniň ýyllyk satuwy 6% azaldy, Yves Saint Laurent - 4%

  • 11.02.2024 18:26
  • 3.5k+

Gucci, Balenciaga we Yves Saint Laurent ýaly moda brendlerini öz içine alýan Kering kompaniýasynyň girdejisi 2023-nji ýylda 4% azalyp, 19,6 mlrd ýewro boldy. Arassa girdeji 17% azalyp, 3 mlrd ýewro barabar boldy. Bu barada kommersant.ru belleýär. 

Dördünji çärýekde Kering-iň girdejisi 6%, 5 mlrd ýewro çenli azaldy. Bu görkezijileriň peselmegi çaklamalardan has güýçli boldy. Kering girdejiniň 2024-nji ýylda-da azalyp biljekdigini belleýär.
2023-nji ýylda Gucci brendiniň girdejisi 6% azaldy. Kering-iň baş müdiri Fransua-Anri Pino kompaniýanyň, esasan, Gucci-ni janlandyrmaga ünsi jemleýändigini aýtdy.
Kompaniýa degişli beýleki brendleriň hem aglabasy girdejileriň azalandygyny görkezdiler: Yves Saint Laurent – 4%, Bottega Veneta – 5%, beýleki brendler (hasabatda olar bir bölüme birleşdirilýär) – 9%.
Beýleki lýuks harytlaryny öndürijiler ýaly Kering hem ykdysadyýetiň peselmegi, inflýasiýa we beýleki ýaramaz faktorlaryň netijesinde islegiň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....