«Milan» şu möwsüm üçin ätiýaçlyk köýnekçesini tanyşdyrdy

  • 11.02.2024 13:04
  • 6.1k+

«Milan» şu möwsüm üçin ätiýaçlyk köýnekçesini tanyşdyrdy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Bu köýnekçe toplumy Milanda aýratyn çärede görkezildi. Geýim iki reňkde – gara we ak reňklerde ýerine ýetirilipdir. Olarda şäheriň gotika arhitekturasy şekillendirilýär.
Klubuň oýunçylarynyň 11-nji fewralda «San-Siroda» geçiriljek «Napoli» bilen oýunda ilkinji gezek bu formany geýjekdikleri bellendi.

«Bu ajaýyp köýnekçe toplumynda meýdana çykmaga men örän şat. Ol meniň ozal görenlerimden tapawutlanýar, derwezeban we oýunçy tarapyndan ulanyp boljak iki görnüşi bar. Bu klubuň döredijiligini we innowasiýalary görkezýär. Öňdebaryjy dizaýn we özüne çekiji konsepsiýa «Milanyň» mirasynyň we maksatlarynyň düýp manysyny şöhlelendirýär» diýip, klubuň metbugat gullugy «Milanyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Oliwýe Žirunyň sözlerini getirýär.

«Milan» bu möwsümde 49 utuk bilen Seria A-da üçünji orunda barýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......