Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Bunker konwensiýasyna goşuldy

  • 11.02.2024 11:09
  • 5.4k+

Halkara deňiz guramasy (HDG) Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara Konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmagyny makullady. Konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär. Bu barada "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň Metbugat gullugy habar berdi. 

Bu Konwensiýa gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen kabul edildi.
BUNKER-2001 konwensiýasy HDG tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilip, 2008-nji ýylyň 21-nji noýabryndan güýje girdi. Konwensiýanyň esasy maksady – bunker ýangyjy bilen hapalanmak boýunça jogapkärçiligi kesgitlemek amallaryny we ýeke-täk öweziniň dolunmagy üçin ýeke-täk halkara kadalary we tertibi kabul etmekden ybarat. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy – bu gämi hereketlendirijileriniň işlemegi üçin peýdalanylýan ýangyçdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmeleri netijesinde zyýan çeken taraplara çalt we netijeli öwez dolmany üpjün edýär.
Häzirki wagtda BUNKER-2001 konwensiýa dünýäniň 100-den gowrak döwletleri agza bolup, şol sanda Hazarýaka döwletlerinden Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bu Konwensiýa goşuldy.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......