ABŞ-da robokop işine ýaramsyzdygy sebäpli işini ýitirdi

  • 09.02.2024 15:36
  • 14k+

The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, Nýu-Ýork polisiýa müdirliginiň (NYPD) metrodaky jenaýatçylyklara garşy göreşde täze kömekçisi bolmaly diýlen polisiýa roboty gysga we şowsuz synag möhletinden soň işden çykaryldy.

Taýms-skwerde şäher häkimi Erik Adams tarapyndan uly höwes bilen tanyşdyrylan Knightscope K5 roboty öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýändigini subut etdi we ýolagçylar hem, polisiýa işgärleri hem ondan nägile boldular.

Robot teker dakylan uly ak ýumurtga şekilli silindre meňzeýär. Ol kameralar, datçikler we gürleýjiler bilen enjamlaşdyrylyp, şübheli hereketleri ýüze çykarmak, wandalizmiň öňüni almak we metroda howpsuzlygy üpjün etmek üçin döredilipdi. Emma robot, tersine, üstünden gülünýän we nägilelik döredýän zada ​ öwrüldi. Ýolagçylar robotyň olara geçmäge päsgel berýändiginden, soraglaryna we arz-şikaýatlaryna jogap bermeýändiginden, şeýle hem haýykdyryjy we ýat ​ görünýändiginden zeýrendiler.

Knightscope K5 hereketiniň çäklendirilendigi we ýanynda mydama adamyň bolmagynyň zerurlygy bilen bagly kynçylyk çekdi.

Polisiýa işgärleri hem oňa bil baglap bilmediler, sebäbi robot kyn we howply ýagdaýlarda adamyň ornuny tutup bilmedi.

Robot soňky birnäçe günüň dowamynda boş dükanda zarýad berijä birikdirilgi ýagdaýda, işini ýerine ýetirmän wagtyny geçirdi.

NYPD-yň işgärleri robotyň Knightscope kompaniýasyndan 94 000 dollara üç aý kärendesine alnandygyny we şertnamanyň uzaldylmajakdygyny aýtdy. Şeýle hem, olar robotyň NYPD-nyň resmi maksatnamasynyň bir bölegi däldigini, ýöne innowasiýa we tehnologiýa goldawyny görkezmek isleýän häkim Adamsyň başlangyjydygyny aýtdylar.

Öň NYPD-de 22 ýyl işlän häkim Adams robotyň işinden aýrylandygy barada teswir bermedi. Ozal ol robotyň "şäherimizi we durmuşymyzy gowulandyrmakda täze tehnologiýalary nähili ulanyp boljakdygynyň mysalydygyny” aýdypdy.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....