Aziýa-Afrika topary türkmen hünärmeniniň ýolbaşçylygynda onlaýn küşt çempionatynda ýeňiş gazandy

  • 09.02.2024 07:06
  • 4k+

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Ödäýewiň kapitan bolmagynda Aziýa-Afrikanyň topary Halkara gaýybana küşt federasiýasynyň (ICCF) howandarlygynda onlaýn görnüşde geçirilýän küşt boýunça 11-nji sebitara toparlaýyn çempionatda möhletinden ir ýeňiş gazandy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaryşa Braziliýa, Finlýandiýa, Russiýa, Hindistan, Argentina, Ispaniýa ýaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan 16 topar gatnaşdy. Türkmenistanlylardan başga-da, Indoneziýadan, Marokkodan, Alžirden küştçüleri öz içine alýan Aziýa-Afrika topary ýekeje döwde-de utulman, jemi 67,5 utuk gazandy. Ahmet Ödäýew 7,5 utuk gazanyp, toparyň üstünligine öz goşandyny goşdy.
Çempionat bir ýyl dowam etdi, her gatnaşyja bir göçüm üçin bäş güne çenli wagt berildi. Bu küştçülere ýörite edebiýatlary we kompýuter programmalaryny ulanyp, öz döwlerini doly seljermäge mümkinçilik berdi. Ödäýew şeýle onlaýn çempionatlaryň küştçüleriň intellektual we seljeriş ukyplarynyň ösmegine ýardam edýändigini, sebäbi küşt oýnunyň ähli taraplaryny öwrenmäge we täze wariantlary ulanmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
A.Ödäýew ICCF sportunyň ussadydyr. Ol küştçülere ulanmakda iň netijeli bolan 17-nji wersiýada “Chess base” küşt programmasyny maslahat berýär. Şeýle-de, ol iň täze habarlary we küşt ýaryşlarynyň wariantlaryny neşir edýän “New in Chess” žurnalyna ýüzlenmegi maslahat berýär. Ödäýewiň özi hem bu žurnalda birnäçe makalanyň awtorydyr.
Häzirki wagtda A.Ödäýew ýene birnäçe halkara onlaýn ýaryşlaryna, şol sanda 17-nji Aziýa-Afrika şahsy çempionatyna we 4-nji şahsy dünýä çempionatyna gatnaşýar. Birinji ýaryşda ol eýýäm ýeňşi kepillendirdi, ikinjide bolsa beýleki gatnaşyjylar bilen 6-9-njy orunlary paýlaşýar.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....