Gmail-iň Android programmalarynda, edil messenjerlerdäki ýaly, bada-bat jogap bermek funksiýasy peýda boldy

  • 09.02.2024 00:23
  • 4.8k+

Gmail-iň Android wersiýasyndaky iň soňky täzelenme e-poçtalara jogap bermek prosesini has amatly we messenjerleriň ulanylyşyna meňzeş etdi diýip, TechRadar-a salgylanýan Ferra ýazýar.

Täze aýratynlyk messenjer stilindäki jogap tekst meýdanydyr. Ol e-poçtanyň aşagynda awtomatiki görnüşde peýda bolýar. Bu aýratynlyk kem-kemden Android-ulanyjylarynyň arasynda ýaýrap başlady.
Bu täzelenme e-poçta jogap bermek prosesini aňsatlaşdyrýar, ulanyjylara "eýläk-beýläk" aýlamazdan we jogap bermegiň görnüşini saýlamazdan, derrew tekst ýazmaga başlamaga mümkinçilik berýär.
Indi, “Jogap bermek”, “Hemmesine jogap bermek” we “Başgalara ugratmak” düwmelerini saýlamagyň ýerine, ulanyjylar derrew şol bir meýdanda açylan menýu arkaly öňki opsiýalary bilen täze bir ugurda jogap ýazyp bilerler.
Iň soňky täzelenmäniň e-poçtany, hakykatdanam, döwrebap we amatly edýändigini, ony WhatsApp we Telegram ýaly, meşhur messenjerleri ulanmak tejribesine ýakynlaşdyrýandygyny bellemelidiris.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....