Adidas Jud Bellingemiň firma logotipini çykarar

  • 08.02.2024 21:47
  • 7.5k+

Germaniýanyň sport egin-eşiklerine ýöriteleşýän Adidas kompaniýasy Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingemiň firma logotipini çykarmakçy bolýar. Bu barada “Footy Headlines” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, logotip Bellingemiň elleri gapdala serilgi görnüşindäki suduryny öz içine alar. Adidas eýýäm şu ýyl Bellingemiň täze logotipi bilen meşhur Predator butsylarynyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär.
Ýatlap geçsek, 20 ýaşly oýunçy geçen ýylyň iýul aýynda Dortmundyň “Borussiýasyndan” 103 mln ýewro “Reala” geçdi. Transfermarkt internet portalynyň hasabyna görä, onuň bahasy 180 mln ýewro barabar. Häzirki möwsümde Bellingem ähli ýaryşlarda “Real” üçin 26 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we sekiz netijeli geçirim etdi.


14.06.2026 11:22
4.5k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

07.06.2026 10:17
6.4k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

30.05.2026 08:05
3.5k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

30.04.2026 20:03
5.8k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......