1-nji martdan başlap «Samsung» telewizorlaryndan Google Assistant aýrylar

  • 08.02.2024 08:17
  • 5.6k+

«Samsung» korporasiýasy ähli telewizorlarynda «Google-yň» ses kömekçisini öçürer. Bu barada lenta.ru «GizmoChina» neşirine salgylanyp habar berýär.

Žurnalistler brendiň telewizorlaryny ulanmak baradaky täzelenen şertnama bilen tanyşdylar. Materialda 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap «Google Assistant» ses kömekçisiniň ähli akylly telewizorlardan aýryljakdygy aýdylýar. Bu düzgün täze enjamlara we häzirki wagtda ulanylýan telewizorlara degişlidir.
«Samsung» ilkinji gezek ses kömekçisini 2020-nji ýylda öndürilen telewizorlara girizdi. Häzirki wagtda wirtual kömekçi 2020-2022-nji ýyllarda öndürilen «Crystal UHD», «Lifestyle», «QLED» modellerinde bar. Korporasiýa telewizorlaryň haýsy sebäplere görä möhüm funksiýalardan mahrum ediljekdigini kesgitlemedi.
Bellenilmegien görä, telewizor öndüriji iri kompaniýalaryň hemmesi – «LG», «Sony», «TCL» we «Hisense» – «Google Assistant» ulgamyny goldamagy dowam etdirýärler. Ýaz aýlaryndan başlap, «Samsung» enjamlarynyň eýeleri beýleki ses kömekçilerini ulanmaga mejbur bolarlar.


22.03.2026 04:00
2.7k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

17.03.2026 10:29
870

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...