«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi açyk deňizde ýangyn söndürmek boýunça türgenleşikleri geçirdi

  • 07.02.2024 23:14
  • 19k+

Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri açyk deňizde ýangyn söndürmek boýunça üstünlikli okuw türgenleşik geçdiler. Agentlik adatdan daşary ýagdaýlarda dessine hereket etmekde ýokary derejede taýýarlygy görkezendigi üçin Balkan welaýatynyň häkimliginden hormat hatyna mynasyp boldy. Bu barada agentligiň metbugat gullugynda habar berilýär.

Türgenleşigiň çäginde açyk deňizde nebit we nebit önümlerini daşaýjy gämide nebit dökülip, ýangyn döreýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Gämi dolandyryş merkeziniň operatorlary hadysa baradaky habary kabul edip, Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna dessin habar berýärler.

Indiki tapgyrda ýangyny söndürmek we daşky gurşawa ýetýän zyýany peseltmek üçin çalt hereket güýçleri işe çekildi. “Ýyldyrym” ýangyn söndüriji gämisi ýangyny üstünlikli söndürdi. Soňra hünärmenler zyýanyň möçberini anykladylar we abatlaýyş hem dikeldiş işlerini geçirmek üçin zerur hasabatlary geçirdiler. Okuw türgenleşigi hünärmenleriň ussatlyk derejesini görkezdi. Açyk deňizde adatdan daşary ýagdaýlara şeýle taýýarlyk ýurduň söwda flotunyň ösýän we Hazarýaka döwletleri bilen söwdanyň artýan döwründe aýratyn möhümdir.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......