Usman Nurmagomedowyň Bellatorda kime garşy titul goragyny geçirjekdigi belli boldy

  • 05.02.2024 00:48
  • 14k+

Bellator promouşeniniň ýeňil agramda çempiony Usman Nurmagomedow watandaşy Aleksandr Şabliýe garşy söweşer. Bu barada iki türgeniň menejeri Rizwan Magomedowa salgylanyp, TASS habar berýär.

Söweş ýazyň ahyrynda ýa-da tomsuň başynda geçiriler.
Öň, Usman Nurmagomedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Gran-priniň Brent Primus bilen ýarym final söweşinden soň şowsuz doping barlagyna garamazdan, titulyny saklajakdygy belli boldy. Ol alty aý diskwalifikasiýa edildi, onuň britaniýaly bilen duşuşygy bolsa geçirilmedik diýlip ykrar edildi.
Usman Nurmagomedowyň hasabynda 17 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. Bir söweş geçirilmedik hasaplandy. 25 ýaşly türgen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki guşak eýesi Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr.
30 ýaşly Şabliýiň hasabynda 24 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...