2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna birbada 300 müň adam gatnaşyp biler

  • 04.02.2024 21:16
  • 7.6k+

Fransiýanyň Hökümeti 26-njy iýulda Parižde badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlary – 2024-iň açylyş dabarasyna janly tomaşa edip biljek tomaşaçylaryň sanyny ep-esli azaltmak kararyna geldi. Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmaneniň bellemegine görä, tomaşaçylaryň umumy sany 300 müň adam bolar.

Bu 2022-nji ýyldaky garaşylandan ýarym esse azdyr, ýöne her niçigem bolsa, Parižde geçjek Oýunlaryň açylyş dabarasy taryhdaky iň iri we iň üýtgeşik dabara bolar: guramaçylar däp bolan stadiondaky dabaranyň ýerine, ony Sena derýasynda suw üstünde dabaraly ýöriş görnüşinde geçirmek kararyna geldiler.
Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda beýle zat ozal bolmandy we bolup hem bilmezdi, sebäbi beýle köp adamy kabul edip biljek stadion ýok. Dogrusy, Pariždäki dabara stadionda geçirilmeýär. Toparlaryň stadiondaky adaty ýörişiniň ýerine, şol toparlaryň Sena derýasynda suw üstündäki dabaraly ýörişi guralar. Olar, takmynan, 170 gämide derýadan geçerler we ýörişiň ugry Parižiň Keramatly ene ybadathanasy, Luwr, Ylalaşyk meýdançasy we elbetde, Eýfel diňi ýaly meşhur ýerleriň üstünden geçer. Dabaranyň özi Trokadero baglarynda tamamlanar.
Guramaçylar dabaranyň aýratynlyklaryny gizlin saklaýarlar, ýöne dabaranyň režissýory Toma Žolly munuň medeniýetlilik köp dürlüligi mowzugy boýunça özboluşly dabara boljakdygyny aýtdy.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....