“Milli gazna – çagalara” maksatnamasy boýunça ilkinji tölegler Gazagystanda 6,9 million çaganyň hasabyna gelip başlady

  • 04.02.2024 12:48
  • 8.2k+

“Milli gazna – çagalara” maksatnamasy boýunça ilkinji tölegler 2006-njy ýylda we ondan soňra Gazagystanda doglan çagalaryň hasabyna gelip başlady. Bu maksatnama gatnaşýan çagalaryň ýörite hasaplaryna 2023-nji ýyl üçin 100,52 dollar alandygyny Tengrinews.kz habar berdi.

Gürrüň ýurduň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň geljegi üçin başlangyç maýa goýmak barada gidýär. Respublikanyň Umumy pensiýa toplaýyş  gaznasy 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň hemmesiniň gatnaşandygyny mälim etdi.
Maksatnama gatnaşyjylaryň umumy sany 6 million 919 müň 131 çaga. Bulardan 304 müň 815 gatnaşyjy 2024-nji ýylda 18 ýaşyny doldurar.

"Bularyň diňe ilkinji hasaplamalardygyna düşünmek möhümdir; bu mukdar Milli gaznanyň aktiwleriniň köpelmegi we maýa goýum girdejileriniň alynmagy bilen her ýyl köpeler. Mundan başga-da, hasaplanan serişdeler Milli gaznanyň walýuta aktiwleriniň çäginde maýa goýumlaryny dowam etdirer hem-de Gaznanyň daşary ýurt walýuta aktiwleri bu maksatnama gatnaşýan çagalara, 18 ýaşyna ýetýänçä, goşmaça maýa goýum girdejileri getirer "-diýip, Gaznada bellediler.

Çagalaryň, 18 ýaşyna ýetýänçä, bu pullary yzyna alyp bilmejekdigini bellemelidiris. Raýatlar kämillik ýaşyna ýeten ýylynda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulaşdyrmak ýa-da okuwa tölemek üçin ulanyp boljak maksatly talaplaryň maksatly tygşytlylyk hasabyna geçer.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......