Mazda täze CX-70 krossowerini tanyşdyrdy

  • 03.02.2024 16:33
  • 6.7k+

Ýaponiýanyň «Mazda» kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenen täze «Mazda CX-70» gibrid krossowerini tanyşdyrdy. Brendiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, satuw şu ýylyň ýazynda başlar. Awtoulag «CX-7» modeliniň ornuny tutar.

«Mazda CX-70-iň» orta ölçegli bäş orunlyk krossowerdigi bellenilýär. Awtoulag daşky keşbi boýunça başga bir modele, «Mazda CX-90-a» meňzeýär. Şeýle-de bolsa, ondan keşbi üýtgedilen bamperleri we radiator gözenegi, şeýle hem 21 dýuýmlyk özboluşly alýumin teker diskleri bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň salony çuňňur gyrmyzy reňkde ýerine ýetirilipdir.


«Mazda CX-70» özünde 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijini, 17,8 kWt sygymly akkumulýator batareýi we elektrik hereketlendirijisini birleşdirýän gibrid güýç ulgamy bilen hödürlener. Ulgamyň umumy kuwwaty 323 at güýjüne deň bolar. Ulag diňe elektrik togy bilen 40 km ýol geçip biler. Mundan başga-da, alyjy 3,3 litrlik turbomotor we 48 woltlyk starter-generatory bolan awtoulagy hem satyn alyp biler. Şeýle ulagyň kuwwaty 345 at güýjüne deňdir. Iki görnüş hem sekiz basgançakly awtomatik geçiriş gutusy we ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.


19.03.2026 04:19
2.4k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...