Gazagystanyň parlamenti mekdeplerde sapak wagty ykjam telefonlary gadagan etmek barada kanun kabul etdi

  • 03.02.2024 13:54
  • 10k+

Gazagystanda mekdep okuwçylaryna sapaklarda telefon ulanmak gadagan ediler. Degişli kanun taslamasy parlamentiň senatynyň mejlisinde tassyklandy diýip, “Mir 24” teleýaýlymynyň habarçysy habar berýär.

Mekdebe telefon getirmek gadagan edilmez, ýöne sapak wagty ony bir gapdala goýmaly bolar. Senatorlar arakesmelerde gajeti ulanmaga rugsat berýärler.

“Ýörite ýerjagazlar döredildi, çagalar gajetleri şol ýerde saklap bilerler, eger bu şertler üpjün edilmedik bolsa, onda çaga telefony öz torbasynda, portfelinde saklap biler. Bu düzgün bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin kabul edilýär” – diýip, Gazagystan Respublikasynyň bilim ministriniň birinji orunbasary Natalýa Žumadildaýewa aýdýar.

Senatorlar şeýle ýagdaýda çagalaryň az ünsüni sowjakdyklaryna ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde mekdep okuwçylary ýa-da ene-atalar üçin sapaklarda telefon ulanylandygy üçin administratiw jogapkärçilik göz öňünde tutulmaýar.
Kanun taslamasy respublikanyň prezidenti tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer.


03.04.2026 09:46
9.9k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......

19.03.2026 17:31
2.8k+

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi...

06.03.2026 11:58
1.9k+

Türkmen ilçisi Gazak agrotehniki barlag uniwersitetiniň rektory we türkmen talyplary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Tireuow bilen duşuşyp, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy...

27.01.2026 09:21
1.2k+

ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

​Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir...