“Liwerpul” futbol kluby barada dokumental serial surata düşürilýär

  • 02.02.2024 19:20
  • 4.7k+

Häzirki wagtda “Liwerpul” futbol kluby barada köp bölümli dokumental serialy surata düşürmek işleri alnyp barylýar, serial 2023/2024 möwsüminiň ahyrynda ýaýlyma çykar. Bu barada championat.com habar berýär.

“Eksklýuziw kartina “Liwerpulyň” baý taryhy, onuň janköýerler bilen ýakyn aragatnaşygy barada gürrüň berer we klubuň, şol sanda onuň meýdançada we onuň çäginden daşary üstünlikli hasaplanýan erkekler we zenanlar toparynyň nähili işleýändigini görkezer.
Bu janköýerlere we tomaşaçylara klub barada özboluşly düşünje berer we “Liwerpulyň” taryhyny öňkülerden has giň auditoriýa ýetirer. Kameralar Ýurgen Kloppy we onuň toparyny halypanyň klubdaky soňky möwsüminiň tutuş dowamynda yzarlar. Dokumental film topary, tälimçileriň we oýunçylaryň şahsy giňişligine girmezden, diňe ylalaşylan ýerlerde görkezer.
Bularyň ählisi klubuň şu güne çenli geçen ýolunyň öwrenilmegi we “Liwerpul” futbol klubunyň epiki taryhynyň esasynda adamzat wakalarynyň gürrüň berilmegi bilen ugurdaş alnyp barlar” – diýlip, “Liwerpulyň” resmi saýtyndaky serialyň anonsynda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, geçen hepde mersisaýdlylaryň baş tälimçisi Ýurgen Klopp häzirki möwsümiň ahyrynda topary terk etjekdigini aýtdy. 


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.2k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.1k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....