Dünýäde iň meşhur moda brendi saýlandy

  • 02.02.2024 19:12
  • 11k+

Lyst onlaýn platformasy dünýäniň iň meşhur moda brendleriniň sanawyny hödürledi. Sanaw resmi saýtda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Birinji orny Italiýanyň Prada brendi eýeledi. Soňky çärýekde Moda öýi Şanhaýda Pradasphere II atly sergi açdy we NASA-nyň astronawtlary üçin skafandrlary işläp taýýarlamak maksady bilen Axiom Space amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny yglan etdi. Mundan başga-da, brend Maýýa Houk, Demson Idris, Lui Partrij we Kim The-ri bilen mahabat kampaniýasyny çykardy.
Ikinji orunda Miu Miu ýerleşdi. Üçünji orny Loewe brendi eýeledi. Şeýle-de, 2023-nji ýylyň soňky çärýeginde iň meşhur brendleriň sanawyna Bottega Veneta, Moncler, Saint Laurent, Versace, Jacquemus, Burberry, Valentino, Gucci, Balenciaga, Diesel, Skims, Dior, Louis Vuitton, UGG, The Row, JW Anderson we Fendi girdi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....