Mingazow vs Messi. Türkmen futbolçysy «Inter Maýami» klubuna garşy oýnar

  • 02.02.2024 17:33
  • 28k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda Lionel Messi bilen bir meýdançada duşuşar. Bu barada “Kitçi” futbol kluby habar berdi.

Duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongyň Milli stadionynda geçiriler.
Lionel Messini we onuň “Barselonadaky” öňden gelýän ýoldaşlary Luis Suaresi, Serhio Busketsi we Žordi Albany düzüminde jemleýän “Inter Maýami” klubuna garşy geçiriljek duşuşykda “Kitçiniň” düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow bilen bilelikde onuň 5 topardaşy çykyş eder.
Ýeri gelende bellesek, Ruslan Mingazow 2022/2023-nji ýylyň oýun möwsüminde Gonkongyň iň gowy futbol oýunçysy diýlip yglan edilipdi. Şol möwsümde ol 17 gol geçirip, ýaryşyň iň gowy bombardiri boldy. Şeýle hem ol "Kitçiniň" düzüminde Gonkongyň Kubogyny gazandy.


düýn 22:49
5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......