Messiniň «Barselona» bilen ilkinji şertnamasy ýazylan salfetka auksiona çykaryldy

  • 02.02.2024 12:49
  • 18k+

Messi ýetginjek döwründe oňa wekilçilik eden we araçysy Orasio Gajoli Messiniň «Barselona» bilen ilkinji şertnamasy ýazylan salfetkany «Bonhams» auksionyna çykardy. Onuň çaklanylýan bahasy 300 müňden 500 müň funta çenlidir.

Ozal resminama bankyň seýfinde saklanýardy. Gajoli salfetkany klubuň muzeýine ýerleşdirmek barada «Barselona» bilen ylalaşyp bilmedi.
Messiniň şertnamasy «La Reial Societat de Tennis Pompeia» klubunda günortanlyk naharynda salfetka ýazyldy. Şol wagt «Barsanyň» tehniki sekretary Karles Reşak klubuň Leo bilen şertnama baglaşjakdygyna söz berdi.

«Barselonada, 2000-nji ýylyň 14-nji dekabrynda jenap Hosep Mingelýanyň we Orasionyň gatnaşmagynda «Barselonanyň» tehniki sekretary Karles Reşak, bar bolan käbir garşylykly pikirlere garamazdan, eger ylalaşylan mukdarda ylalaşygy saklasak, oýunçy Lionel Messi bilen şertnama gol çekmegi öz üstüne alýar» diýlip, salfetka ýazylan.

Messiniň ilkinji şertnamasy salfetka ýazyldy. Ol Andorradaky bankda saklanýar.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......