Gurban Berdiýew öz islegi boýunça “Dinamonyň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 01.02.2024 17:23
  • 19k+

Mahaçkalanyň “Dinamosy” öz resmi saýtynda türkmenistanly baş tälimçi Gurban Berdiýewiň işden gidendigini habar berdi. Hünärmen wezipesini öz islegi boýunça terk etdi diýip, klubuň saýtynda habar berilýär.

“Bu çözgüt islendik tarapa hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn tertipde tamamlamaga mümkinçilik berýän punkty öz içine alýan şertnama laýyk gelýär. “Dinamo” futbol kluby Gurban Bekiýewiçiň islegine hormat goýýar we bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirýär” – diýip, klubuň metbugat gullugy ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Gurban Berdiýew täze baş tälimçi bellenilýänçä, topary 2023/2024-möwsüminiň ýazky tapgyryna taýýarlamagy dowam etdirer. Mahaçkalanyň “Dinamosy” Berdiýewiň ýolbaşçylygynda 2023/2024-möwsüminiň Birinji ligasynyň ýaryş jedwelinde 20 oýunda 37 utuk gazanyp, birinji orny eýeleýär.
Sport24 neşiriniň habar bermegine görä, 71 ýaşly Gurban Berdiýew karýerasyny Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna baş tälimçilik edip dowam edip biler.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......