Niderlandlarda, takmynan, 100 ýyllyk wagt kapsulasy tapyldy. Ondan näme çykdy?

  • 01.02.2024 14:53
  • 14k+

Niderlandlaryň Gaaga şäherinde 99 ýaşly wagt kapsulasy tapyldy. Ol şu wagta çenli patyşa Wilgelm II-iň heýkeliniň aşagynda ýatypdyr diýip, RFI-e salgylanýan Office Life habar berýär.

Wagt kapsulasynda taryhy resminamalar, hatlar we kitaplar gizlenipdir.
Tapylan kitaplaryň awtory XIX asyryň meşhur niderland taryhçysy general Fransua de Bas bolup çykdy.

Taryhçylar, beýleki zatlar bilen birlikde, Wilgelm II-iň Napoleona garşy alyp baran söweşleri baradaky fransuz dilinde ýazylan üç tomdan ybarat eserini tapmagy başardylar. Sahypalarda 1815-nji ýylda bolup geçen Waterloo söweşi hem beýan edilýär.

Munda bu söweşde Gollandiýa-Belgiýanyň orny barada maglumat berýän möhüm çeşmeler hakynda gürrüň gidýär, sebäbi söweşe gatnaşan gollandiýaly ofiserleriň hasabatlarynyň nusgalary bar. Bu resminamalaryň asyl nusgalary Ikinji jahan urşy döwründe Gollandiýanyň goşunynyň arhiwine bomba düşenden soň ýitdi hasap edilip gelinýärdi.


13.03.2026 16:15
1.5k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.7k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...

09.03.2026 12:25
5.5k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...