Ýaşulular Halk Maslahatynyň we Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň netijelerini hem-de öňde durýan wezipeleri maslahatlaşdylar

  • 01.02.2024 13:03
  • 14k+

31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek şu gezekki mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşuly A.Myradowy agzalyga hödürläp, onuň asylly şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada bellediler.
Ýaşulular geňeşine kabul edilen täze agza Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent maksatlaryň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasyny, bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
Mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda belläp geçendigini aýtdylar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly ýaşulularyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylykdan ugur almalydyklary, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýyn bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......